Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şri-Lankanyň prezidenti resmi taýdan işinden çekildi

Kolombo. Hökümet binalaryny eýelän protestçiler gepleşikleriň dowamynda hökümet binalaryndan çykamaga razy boldular.
Kolombo. Hökümet binalaryny eýelän protestçiler gepleşikleriň dowamynda hökümet binalaryndan çykamaga razy boldular.

Şri-Lankanyň parlamentiniň başlygy 15-nji iýul güni irden prezident Gotabaýa Rajapaksanyň 14-nji iýul güni giçlik wezipesinden çekilmek barada resmi taýdan arza berendigini aýtdy.

Ykdysady kynçylyklar sebäpli birnäçe aý dowam eden protestlerden soň wezipesinden çekiljegini aýdan Rajapaksa 13-nji iýulda, wezipesinden çekilmeli güni daşary ýurda gaçdy.

Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde hökümet binalaryny eýelän protestçiler, parlament spikeri Mahinda Ýapa Abeýwardena bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hökümet binalaryndan çykamaga razy boldular.

Parlamentiň Rajapaksanyň 2024-nji ýylda gutarýan prezidentlik möhletini tamamlap, täze prezident saýlamak üçin 20-nji iýulda ýygnanyşmagyna garaşylýar.

Rajapaksa 13-nji iýulda ýurtdan gaçyp, Maldiw adalaryna, soňra Singapura bardy.

Ol işden çekilmek baradaky arzasyny e-poçta arkaly, Singaburdan iberdi.

Singapur hökümeti Şri-Lankanyň öňki prezidentiniň "şahsy saparda" bolýandygyny we gaçybatalga soramandygyny aýtdy.

Şri-Lankadaky dartgynlyklar hökümet tarapyndan yglan edilen adatdan daşary ýagdaý wagtynda has ýokary galdy.

XS
SM
MD
LG