Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
12-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilen mejlisde kiçi komitetiň 2021-nji ýylda geçirilen ýedinji mejlisinden bäri edilen işlere seredildi, iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we özara hereketleriň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, resmi habarda umumy sözler bilen habar berilýär.
Mejlisde Owganystandaky ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hytaý tarapyna Aşgabadyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi kadalaşdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Şeýle-de, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada iki ýurduň hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen tarapy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirmegi teklip etdi diýip, habarda aýdylýar.