Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestlere günäkärleri gözlemek. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "daşyndaky duşmanlar"


Protestlere günäkärleri gözlemek. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "daşyndaky duşmanlar"
Protestlere günäkärleri gözlemek. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "daşyndaky duşmanlar"

Aragatnaşyk serişdeleriniň kesilmegi, serhetleriň ýapylmagy, ýurduň içindäki yzarlamalar we "daşardan duşman" gözlemek – Merkezi Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin nägilelik ýörişleri wagtynda we ondan soň adaty hadysa öwrüldi. Bu ýanwar aýynda Gazagystanda, soňra Täjigistandaky Daglyk-Badahşanda we ýakynda Garagalpagystanda bolup geçen wakalarda şeýle boldy.

«Daşardaky betniýetli güýçler»

6-njy iýulda, Garagalpagystanda bolup geçen ganly wakalardan bäş gün soň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ol wakada "daşary ýurt güýçleriniň" gatnaşandygyny öňe sürdi.

Prezident Mirziýoýewiň sözlerine görä, Garagalpagystandaky wakalar birnäçe günüň içinde däl, eýsem birnäçe ýyl bäri taýýarlanypdyr.

“Bu hereketler daşary ýurtlardan gelen erbet niýetli güýçler tarapyndan birnäçe ýyl bäri taýýarlanýar. Olaryň esasy maksady Özbegistanyň territorial

bitewiligini dargatmak we milletara çaknyşyklary döretmek" diýip, Mirziýoýew aýdýar.

1-2-nji iýulda Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda we sebitiň beýleki şäherlerinde, ýerli ýaşaýjylaryň köpçülikleýin protestleri başlandy, ýaşaýjylar Garagalpagystany özygtyýarlyk statusyndan mahrum edýän, referendumyň netijeleri arkaly Özbegistandan aýrylmak hukugyny aradan aýyrýan Konstitusiýanyň täze redaksiýasyna garşy çykdylar.

Protestler basylyp ýatyrylandan soň, hökümetleriň maglumatyna görä, azyndan 18 adam ölüpdir, 243 adam ýaralanypdyr we 516 adam tussag edilipdir. Ýaralananlaryň käbiriniň ýagdaýy agyr. Ölenleriň dördüsi kanun goraýjy edaralaryň wekilleri.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar ölenleriň hakykatda resmi sanlardan ýokarydygyny öňe sürýärler.

2-nji iýul wakalardan soň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Nukusa gelip, Garagalpagystanyň mejlisinde (parlament – red.) duşuşyk geçirdi hem Garagalpagystanyň ilatynyň täze statusa garşydygyny "bilmeýändigini" aýtdy. "Näme üçin iň bolmanda maňa jaň edip, adamlaryň närazydygyny aýtmadyňyz?!" diýdi.

Köp ýagdaýda Özbegistanyň üç müň ýyllyk taryhy we “üçünji galkynyş” hakda gürleýän Mirziýoýew Nukusda geçirilen ilkinji ýygnakda: "Garagalpagystanyň halky garşy bolsa, Konstitusiýanyň ýekeje maddasy-da hiç haçan üýtgedilmez" diýdi.

Garagalpagystanda adatdan daşary ýagdaý girizildi, ýurtda internet çäklendirildi we aragatnaşyk kynçylygy döredildi. Garagalpagystandaky wakalar wagtynda, Özbegistan Gazagystan bilen serhetdäki barlag nokatlaryny ýapdy.

Nukusyň ýaşaýjylary häzir telefon arkaly gürleşip bilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna Garagalpagystandan Almaty şäherine gelen Saurbek atly bir adam habar berdi. Onuň sözüne görä, Garagalpagystanyň beýleki obalary we şäherleri bilen aragatnaşyk açmak kynçylygy bar.

Garagalpagystanyň raýatynyň sözlerine görä, ýurtda Daşkende garşy nägilelik köpden bäri dowam edýär. Soňky ýyllarda özbek pasportlarynda “milleti” diýen bölümiň doldurylmagy bes edilipdir.

– Beýle ýagdaýyň ählisi halkyň içerki nägileligini artdyrdy. Şeýle-de bolsa, Garagalpagystanyň Özbegistanyň Konstitusiýasynda özygtyýarlyk statusyndan mahrum edilýändigi belli bolanda, protestler başlandy. Protestleriň daşardan gurnalandygy kelläňe geljek zat däl. Görnüşinden, bu soňlugy bilen aktiwistlere berk jeza berilmegine sebäp bolar. Wagtyň geçmegi bilen Garagalpagystanda başyny galdyryp biljek aktiwistler galmajak ýaly – diýip, Saurbek Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Mirziýoýew demonstrantlary nazarda tutup: “Olar ýarag alyp, biziň milli goragçymyza ok atdylar. Olara daşardan görkezme berýärler. Biz olara muny etmäge rugsat berip bilmeris. Biziň güýjümizem, kuwwatymyzam, mümkinçiliklerimizem bar, biz Garagalpagystanda parahatçylygy ornaşdyrarys" diýdi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Garagalpagystanda bolup geçen wakalardan soň, Özbegistanyň prezidenti bilen habarlaşan ilkinji lider boldy. Gazagystanyň lideri Daşkentiň "durnuklylygy üpjün etmek" çärelerini goldady. Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň prezidentleri hem öz goldawlaryny mälim etdiler.

«Merkezi Aziýanyň bir şäheri». Ol haýsy şäher?

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň aýtmagyna görä, Gazagystanda ýanwar wakalary "bilermenler tarapyndan seresaplylyk bilen meýilleşdirildi". Ol muny "daşarky harby güýç bilen baglanyşykly terrorçylyk operasiýasy" diýip atlandyrdy. Wakalardan soň resmi telekanalda geçirilen söhbetdeşlikde, Tokaýew hamana gazanç etmäge gelýän işçileriň ady bilen "Merkezi Aziýanyň bir şäherinden" uçup gelen söweşijilerdigini aýtdy, häkimiýetler howa menziline gözegçilik edenden soň "söweşijiler aeroport arkaly ewakuasiýa edildi" diýdi.

Soňra Tokaýew öz beýanatynda daşarky we içerki duşmanlaryň "häkimiýeti ele almak" üçin birleşendigini aýtdy.

Çäreleriň başynda prezident Tokaýew Almaty şäherine "20 000 terrorist" tarapyndan hüjüm edilendigini aýtdy, ýöne soňra munuň tutuş ýurt boýunça

baglanyşyklydygyny düşündirdi. "Siz bilýäňizmi, ýurduň 13 şäherde jemgyýetçilik tertibini bozmak üçin, bir wagtyň özünde häkimiýetlere garşy talaňçylyk başlandy” diýip, ol aýtdy. Soňra bolsa özüne 20 müňe golaý terrorist barada "kanun goraýjy guramalaryň öňki ýolbaşçylarynyň" aýdandygyny mälim etdi.

Şu ýylyň maý aýynda Täjigistanyň Daglyk-Badahşan awtonom sebitiniň Ruşan etrabynda ýerli ýaşaýjylar harby enjamlara ýol bermezlik üçin, Duşanbe-Horog ýoluny beklediler. Şondan soňky çaknyşyklarda 16 adam ölüp, 220 adam tussag edildi. Häkimiýetler soňra "terrorçylyga garşy operasiýa" alyp barýandyklaryny habar berdiler we protestlere gatnaşyjylary "ýurdy çaýkamak üçin, daşary ýurtdan" buýruk alýan jenaýatçy toparynyň agzalary diýip atlandyrdylar.

Daglyk-Badahşanda ýagdaý geçen ýylyň noýabryndan bäri ýitileşýärdi. Ýörite operasiýa wagtynda, ýerli ýaşaýjy Gulbiddin Ziýebekow öldürildi. Onuň ölüminden soň geçirilen demonstrasiýalarda, ýene iki adam öldi. Şu ýylyň maý aýynda, ýerli ýaşaýjylar Gulbiddin Ziýebekowyň ölümine sebäp bolanlaryň jezalandyrylmagyny talap edip, nägilelik bildirdiler. Häkimiýetler onuň agyr jenaýatlara gatnaşandygyny, girew alandygyny we garşylyk görkezendigini aýtdy.

«Üçünji güýçleriň» gerimi

Garagalpagystanda bolup geçen wakalar, ýylyň başyndan bäri Merkezi Aziýada güýç bilen basylyp ýatyrylan üçünji hadysa boldy. Gazagystanda ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda, azyndan 238 adamyň, Daglyk-Badahşanda 16 adamyň, Özbegistanda hem 18 adamyň ölendigi habar berildi.

Bu wakalaryň dowamynda, olaryň çäginiň gerimine we onda öňe sürlen talaplara garamazdan, üç ýurduň häkimiýetleri biri-birine meňzeş beýanat berdiler we protestleri basyp ýatyrmak we wakalaryň sebäplerini derňemek üçin, meňzeş çäreleri gördüler. Üç ýurtda hem ýüze çykan wakalar dowamynda, aragatnaşyk çäklendirildi, internet petiklendi we serhetler ýapyldy. Bu ýerde haýsydyr bir "üçünji güýçleriň" hem-de "daşardaky duşmanlaryň" hemişe guramaçylar bolandygy aýdyldy, ony-da bellemek gerek.

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Emilbek Žoroýewiň pikirine görä, içerki protestlerde daşarky, üçünji güýçleri günäkärlemek Merkezi Aziýanyň liderleri üçin, gowy görülýän düşündirişe öwrüldi.

– Muny Gazagystanda we Garagalpagystanda bolup geçen wakalardan soň görýäris. Daşarky güýçleri, üçünji güýçleri günäkärlemek olar üçin amatly tutaryk boldy. Şeýle etmek bilen olara ýurduň içinde öz häkimiýetini ilatyň käbir gatlagynyň garşysyna goýmak zerurlygy ýok. Şeýle hem näbelli üçünji taraplary, daşarky güýçleri sebäp etmek amatly, şonda öz problemalaryň, dolandyryş, ykdysadyýet ýa-da beýleki pudaklardaky kynçylyklar hakda gürleşmek zerurlygy bolmaýar – diýip, syýasy bilermen aýdýar.

Žoroýewiň sözüne görä, ýagdaý durnuklaşansoň, häkimiýetler ýurduň içinde ähli jemgyýetler we raýatlar bilen haýsydyr bir raýdaşlygy hem sazlaşygy gurmaga mümkinçilik tapýarlar.

– "Üçünji güýçler" köplenç Russiýada hem Belarusda agzalýar. Russiýadaky “daşary ýurt agentleri” baradaky ritorika hem şol bir äheňde. Muny soňundan bolup biljek hereketleri düşündirmek ýa-da esaslandyrmak üçin, ikinji gezek ulanmak hem amatly. Ýöne hakykat hakyky bolşunda galýar, Gazagystanda-da, Özbegistanda-da müňlerçe adam, köp sanly adam köçelere, bu ýurtlaryň şäherleriniň meýdançalaryna çykyp, öz närazylygyny aýdyp, häkimiýetlerine garşy nägilelik bildirdiler – diýip, Emilbek Žoroýew Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Häkimiýetler adamlaryň ýygnanyp, demonstrasiýa gatnaşýandygyna düşünjeli garamaly we muňa jogap bermäge synanyşmaly. Gazagystan we Özbegistan öz syýasatyna, jemgyýeti dolandyrmaklyga we ykdysadyýete täzeden serederler hem-de häkimiýetler halkyň isleg-meýlini göz öňünde tutar diýip, bilermen umyt edýär.

– Prezident Mirziýoýewiň Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri ýatyrmak baradaky teklibi göze görnükli netije. Elbetde, şeýle protestlerden soň bir gijede ne prezident, ne häkimiýetler, ne-de emele gelen režim üýtgäp ýa-da täzeden döräp bilmez. Olar köpçülige daşarky güýçler barada aýtsalar-da, özara baha berişlerinde hem hereketlerinde seresaply boljakdyklaryna, öz öňlerinde hakykaty boýun aljakdyklaryna ynanasym gelýär – diýip, gyrgyzystanly syýasy bilermen aýdýar.

Ýanwar wakalarynyň yzysüre Gazagystanyň başlangyjy bilen geçirilen Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýörite ýygnagynda, "terroristler", "ekstremistler", "jenaýatçy toparlar" sözleri ýygy-ýygydan ulanyldy hem düzgüni bozujy guramalaryň keşbi döretdi.

Garagalpagystanda bolup geçen wakalardan soň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri 21-nji iýulda, Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň maslahat alyşmak duşuşygy hakda boldy. Bu sammitde umumy "duşmanyň" we "üçünji güýçleriň" keşbiniň kesgitlemek meselesi goýuljakmy, ol belli däl. Ýöne alty aýyň içinde sebitiň üç ýurdunda, protestleriň basylyp ýatyrylmagynyň ünsden düşmejekdigi äşgärdir.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG