Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky işjeňligini dowam etdirjekdigini aýdýar

ABŞ prezidenti Jo Baýden
ABŞ prezidenti Jo Baýden

ABŞ prezidenti Jo Baýden Ýakyn Gündogara edýän saparyny jemläp, Birleşen Ştatlaryň regiondaky işjeňligini dowam etdirjekdigini, şeýle-de sebitiň ýurtlaryna Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň täsirlerine garşy durmaga hemaýat berjekdigini aýtdy.

“Biz terk edip, emele gelen boşlugy Hytaýyň, Russiýanyň ýa Eýranyň doldurmagyna pursat bermeris” diýip, Baýden 16-njy iýulda Saud Arabystanyndan Waşingtona ugramazyndan öň eden çykyşynda belledi.

Baýden ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda halkara deňiz gatnawlarynyň goraglylygyny kepillendirmek ugrundaky tagallalary hem güýçlendirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG