Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri 2020-nji ýyldaky Daglyk-Garabagdaky uruşdan soň ilkinji ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.
Üç sagatlap dowam eden duşuşyk 16-njy iýulda Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside geçdi. Şol bir wagtda, maslahatda gürrüňi edilen meseleleriň jikme-jikleri doly aýan edilmedi.
Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ýurduň baş diplomaty Ararat Mirzoýan özüniň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça meseleleriň giň gerimine garapdyrlar”.
Beýanatda Mirzoýanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy ornaşdyrmak üçin, Daglyk-Garabag konfliktine syýasy çözgüdiň tapylmagynyň zerurdygyny tekrarlandygy hem bellenilýär.