Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ýurduň baş prokuroryny, howpsuzlyk gullugynyň başlygyny wezipelerinden boşatdy


 Iwan Bakanow
Iwan Bakanow

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurduň baş prokuroryny we döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygyny işden aýyrdy.

Bu kadr çalyşmalary ýurduň howpsuzlyk gullugyna degişli onlarça adamyň häzir Russiýanyň basyp alan ýerlerinde ukrain bähbitlerine garşy işleýändigi baradaky habarlaryň arasynda geçirildi.

17-nji iýulda gol çekilen kararlarda baş prokuror Irina Wenediktowanyň we SBU-yň, Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Iwan Bakanow wezipelerinden boşadyldy.

Zelenski öz beýanatynda olaryň atlaryny agzaman, "howpsuzlyk pudagynda we hukuk goraýjy edaralarda her bir wezipeli adamyň anyk hereketlerine we hereketsizligine anyk baha beriljekdigini" aýtdy.

"Şu günki güne çenli prokuraturanyň, deslapky derňew edaralarynyň we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dönüklik we hyzmatdaşlyk aýyplamalary bilen baglanyşykly 651 jenaýat işi hasaba alyndy” diýip, ol aýtdy.

"Hususan-da, prokuraturanyň we SBU-nyň 60-dan gowrak işgäri basylyp alnan ýerlerde galyp, döwletimize garşy işleýär" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Andriý Smirnow biraz soň resmileriň wezipelerinden boşadylandygy baradaky maglumaty anyklaşdyryp, ukrain telewideniýesine beren interwýusynda Wenediktowanyň "barlaglar we derňewler" geçirilýänçä baş prokuror bolmagynyň togtadylandygyny, Bakanowyň bolsa "wezipesini ýerine ýetirmekden wagtlaýynça aýrylandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG