Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran kazyýeti protestleri goldan kinoçynyň 6 ýyl türmede oturmalydygyny aýdýar

Jafar Panahi
Jafar Panahi

Tähran kazyýeti eýranly meşhur kinoçy Jafar Panahiniň hökümete garşy demonstrasiýalary goldandygy üçin on ýyldan gowrak ozal berlen alty ýyl türme möhletini oturmalydygyny aýdýar.

"Panahi 2010-njy ýylda jemi alty ýyl azatlykdan mahrum edildi ... we şu sebäpden öz türme möhletini oturyp geçirmek üçin Ewin tussaghanasyna girdi" diýip, kazyýetiň metbugat wekili Massud Setaýeşi 19-njy iýulda žurnalistlere aýtdy.

62 ýaşly Panahi şu aýyň başynda, yslam respublikasynyň ähli künjeginde guralýan anti-hökümet protetsleriniň ýygjamlaşmagyndan alada galan häkimiýetleriň başga pikirlileri basyp ýatyrmak tagallalaryny güýçlendirmegi sebäpli täzelenen çäreleriň çäginde tussag edildi.

Panahi tussag edilmezinden birnäçe gün öň 300-den gowrak eýranly kinoçynyň we medeni aktiwistiň aktiwist kinoçylar Muhammet Rasulofyň we Mostafa al-Ahmediň tussag edilmegini ýazgarýan hatyna gol çekdi.

Şertli ýagdaýda boşadylmazyndan ozal, Panahi aslynda 2010-njy ýylda iş kesilenden soň iki aý türmede oturypdy.

Azatlyga çykarylmagynyň çäginde oňa kino işlerine gatnaşmak ýa-da ýazmak, daşary ýurda gitmek gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG