Eýranyň gurakçylykdan ejir çekýän günorta Fars welaýatynda güýçli ýagyşdan soň bolan suw joşmalarynda azyndan 15 adam öldi diýip, döwlet mediasy 23-nji iýulda habar berdi.
Suw joşmalary Estahban şäheriniň golaýyndaky birnäçe şäherçelere we obalara zarba urdy. Güýçli ýagyş Roudbal derýasynyň suwuny göterdi diýip, ýerli resmiler aýtdy.
Şäher häkimi Yusuf Karegara görä, halas ediji toparlar suw joşmalarynda 55 adamy halas etdi, ýöne azyndan alty adam heniz hem tapylanok.
Eýran soňky on ýyl bäri gaýtalanýan gurakçylygy, ýöne şol bir wagtda yzygiderli suw joşmalaryny başdan geçirýär.
Ýurduň günortasynda 2019-njy ýylda bolan güýçli suw joşmalarynda azyndan 76 adam öldi we 2 milliard dollardan gowrak maddy zyýan ýetdi. Fars welaýatynda 2018-nji ýylyň martynda bolan suw joşmalarynda azyndan 44 adam öldi.