Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist, kyssaçy Narmuhammet Kakabaýew aradan çykdy

Narmuhammet Kakabaýew. "SalamNews" neşiriniň fotosuraty
Narmuhammet Kakabaýew. "SalamNews" neşiriniň fotosuraty

Hökümetçi "SalamNews“ neşiri žurnalist, ýazyjy, mugallym Narmuhammet Kakabaýewiň 19-njy iýulda, 70 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny habar berýär.

Habarda žurnalistiň geçen zähmet ýoly, işlän ýerleri, ýazan eserleri hakynda gysgaça maglumat berilýär, onuň ölüminiň sebäbi görkezilmeýär.

2014-nji ýylda, pensiýa ýaşyna çenli dürli neşirlerde işlän,"Ahal durmuşy” gazetiniň baş redaktory bolan žurnalist Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk edip, ýaş žurnalistlere sapak berdi.

Ýazyjynyň «Ýürekde galan sargyt» atly kitabynda «Syrly ýük», «Gyz göwni», «Eşrepi-Tylla-Zerkäkil», «Günortanyň garaňkysynda», «Hallygözel», «Duýgular dünýäsinde», «Altyň biri», «Gelnejeler — baldyzlaryň syrdaşy», «Gelnejeler gepe gyzsa...», «Uz ýaşmakly gelin», «Ýurt küýsegi», «Mähremlik», «Bagyr awusy», «Toý bilen ýas bile gelermiş», «Ynanma, kyblam!», «Sallangyn, söwdügim, ýollaryň galar», «Elden gidere tutulan baýrak» ýaly eserleri jemlendi diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki metbugaty soňky onýyllyklarda, türkmen mediasynda däp bolan öňki ýörelgelerden çykyp, medeniýet işgärleriniň, žurnalistleriň, ýazyjylaryň, mugallymlaryň ölümi hakynda habar çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG