Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odessa edilen hüjüme garamazdan, Ukraina däne şertnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar


Odessa sebiti. Bugdaý harmany
Odessa sebiti. Bugdaý harmany

Russiýanyň Odessa portuna eden raketa hüjümine garamazdan, Ukraina Odesadan we beýleki Gara deňiz portlaryndan galla eksportyny gaýtadan ýola goýmak meýilnamasyny durmuşa geçirmäge başlady.

Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow 23-nji iýulda Facebookda "biz öz portlarymyzdan oba hojalyk önümlerini eksport etmäge başlamak üçin tehniki taýýarlyklary dowam etdirýäris" diýdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bir gün ozal Odessa portuna garşy edilen raketa hüjümini "wagşyçylyk" diýip atlandyrdy we munuň 22-nji iýulda gazanylan galla-eksport şertnamasyny durmuşa geçirmekde Moskwa bil baglap bolmajakdygyny görkezendigini aýtdy.

Russiýanyň iki sany "Kalibir“ raketasy Odessa portundaky nasos stansiýasynyň golaýyna gelip düşse, beýleki iki raketasy Ukrainanyň howa gorag güýçleri tarapyndan urlup gaçyryldy.

Ukrainanyň harby resmisi bu raketalaryň Russiýanyň basyp alan Krym sebitiniň golaýyndan, Gara deňizdäki rus harby gämisinden atylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň we BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan şertnama laýyklykda, Gara deňziň üç portundan iberilýän ukrain dänesiniň möçberi uruşdan öňki ýagdaýyna, aýda 5 million tonna çenli dikeldilmeli edildi.

Moskwa Odessa raketa hüjümini edendigini inkär etdi.

XS
SM
MD
LG