Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň başlygy maýmyn mama keselçiligini adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi

Bütindünýä saglyk guramasynyň baş sekretary Tedros Gebreýesus 23-nji iýulda maýmyn mama keselçiliginiň köpelmegini jemgyýetçilik saglygy pudagynda halkara ähmiýeti bolan adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi.

BSG-niň iň soňky maglumatlaryna görä, maý aýyndan bäri dünýäniň 70 çemesi ýurdunda bu kesel bilen kesellän näsaglaryň 16 müňden gowragy hasaba alyndy.

Bu ýerde gürrüň haýwanlara we adamlara tas deň derejede ýokuşýan ýokanç kesel barada barýar. Bu wirus keseli bolup, alamatlary tebigy mama keseliniň alamatlaryna meňzeýär, ýöne ol adatça has aňsat ýokuşýar.

Kesel ýokuşan näsaglaryň gyzgyny ýokarlanýar, bogun agyrylary, gijilewük döreýär.

Bu keseliň ýörite dermany ýok, maýmyn mamasy 2-4 hepdäniň içinde öz-özünden geçýär, ýöne ondan ölen adamlar hem hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG