Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Adalatçynyň edarasynyň işini kämilleşdirmäge ‘taýýardygyny’ aýdýar


Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa (arhiw suraty)

Adam hukuklaryny çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistan ýurtdaky Adalatçynyň edarasynyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi boýunça hereketlere taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada 21-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komendanyň duşuşygynyň dowamynda bellenilip geçildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, kabul edilen borçnamalaryň we Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça gatnaşýan halkara konwensiýalarynyň düzgünnamalarynyň ýerine ýetirişini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatynda, anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.

Mundan başga-da, türkmen resmisi şu ýyl Türkmenistanyň iki sany resminamanyň: Aýallara garşy hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak barada Konwensiýanyň we Maýyplaryň hukuklary barada Konwensiýanyň degişli komitetleriniň tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky hasabatlaryny ibermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Mundan öň, Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler türkmen häkimiýetleriniň aýal-gyzlaryň deşky keşbine, ulag sürmek mümkinçiliklerine çäklendirmeleri girizýändigi barada habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG