Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmada dört demokratiki aktiwist jezalandyrylyp öldürildi


Mýanmada harbylaryň döwlet agdarylyşygyndan soňky protestler gazaplylyk bilen basylyp ýatyryldy.
Mýanmada harbylaryň döwlet agdarylyşygyndan soňky protestler gazaplylyk bilen basylyp ýatyryldy.

Mýanmanyň häkimiýet başyndaky harby huntasy dört demokratiki aktiwisti dardan asyp öldürdi. Olar geçen ýyl harbylaryň häkimiýeti basyp almagyndan soň, gazaplylykda günäli tapyldylar. Bu barada ýerli media 25-nji iýulda habar berdi. Halkara jemgyýetçiligi muny berk ýazgardy.

Bu jezalandyrmak arkaly adam öldürmeleri Mýanmada soňky 50 ýylyň dowamynda ilkinji gezek amala aşyryldy. Mundan öň, halkara jemgyýetçiligi, şol sanda BMG-niň ekspertleri rehimdarlyga çagyryş edipdiler.

Dardan asylanlaryň arasynda häkimiýetden çetleşdirilen Aung San Suu Kýi-niň ‘Demokratiýa üçin Milli Ligasy’ partiýasynyň ozalky agzasy Phýo Zeýa Thaw we has köp “Jimmy” lakamy bilen tanalýan demokratiki aktiwist Kýaw Min Ýu hem bar.

Jezalandyrylyp öldürilenleriň beýleki ikisi Ýangonda hunta üçin içalyçylyk etmekde güman edilen bir aýaly öldürmekde günäli tapyldylar.

Öldürilenleriň dördüsi-de geçen ýyl häkimiýeti zor bilen ele geçiren harby hunta garşy göreşýän söweşijilere ýardam bermekde aýyplandylar. Harby agdarylyşykdan soňky protestler gazaplylyk bilen basylyp ýatyrylypdy.

‘Syýasy tussaglaryň hemaýat asossasiýasy’ aktiwist toparynyň maglumatyna görä, geçen ýyldan bäri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azyndan 2 müň 100 adam öldürilipdir

Birleşen Ştatlar ýokarda gürrüňi edilen aktiwistleriň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardy. Ol munuň demokratiki haklarynyň gaýtarylmagy ugrunda göreşýänlerden ar alyş çäresi bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG