Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden we Si Taýwan bilen bagly dartgynlylyklary maslahat etdiler

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) we Hytaýyň prezidenti Si Jinping
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) we Hytaýyň prezidenti Si Jinping

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Hytaýyň prezidenti Si Jinping 28-nji iýulda telefon söhbetdeşligini geçirip, Taýwan bilen bagly dartgynlylyklary maslahat etdiler.

Iki sagada golaý dowam eden gepleşikleriň dowamynda “ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin möhüm bolan meseleleriň giň gerimine, şeýle-de regional we global meselelere garaldy” diýip, Ak Tamyň beýanatynda aýdylýar.

Beýanata görä, Baýden ABŞ-nyň Taýwan babatyndaky durumynyň üýtgemändigini belläpdir. Şeýle-de, Baýden Birleşen Ştatlaryň “Taýwan bogazynyň golaýyndaky parahatçylygy we durnuklylygy sarsdyryp biljek we häzirki ýagdaýlary üýtgedip biljek birtaraplaýyn tagallalara berk garşy çykýandygyny” nygtapdyr.

Pekiniň gepleşikler boýunça ýaýradan maglumatynda, Siniň Hytaýyň Taýwan babatyndaky talaplaryny hem belläp geçendigi aýdylýar. Taýwanyň eýýäm onlarça ýyl bäri özüniň demokratik hökümeti bar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “Kim ot bilen oýnasa, ondan heläk bolar. ABŞ-nyň muňa açyk göz ýetirýändigine umyt bildirilýär” diýilýär.

Baýden bilen Siniň arasyndaky gepleşik, ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosiniň Taýwana mümkin saparyny yglan etmeginden soň geçirildi.

Mundan öň, Pekin bu sapary prowokasiýa hökmünde häsiýetlendirjekdigini aýtdy.

Baýden bilen Si soňky sapar martda, Russiýanyň Ukraina çozmagynyň yzýany gepleşdiler. Hytaý Moskwanyň esassyz çozuşyny entek ýazgarmady.

XS
SM
MD
LG