Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ-Türkmenistan iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

30-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Resmi maglumata görä, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar.

Maslahatyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar barada hem gürrüň edildi.

XS
SM
MD
LG