Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen metbugaty mallaryň sanynyň köpelýändigini aýdýar


Türkmenistanyň Tagtabazar we Serhetabat etraplarynada bakylýan dowarlaryň sany 5 million 650 müňden geçdi diýip, hökümetçi “SalamNews” neşiri döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp habar berýär.

Iki etrapdaky ownuk şahly mallaryň 1 million 80 müň başy maldarçylyk hojalyklaryna, galan 4 million 570 müň sanysy hususy daýhan hojalyklaryna degişli diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de neşir şu ýylyň iýulyndaky resmi görkezijilere salgylanyp, Lebapda dowarlaryň sanynyň 2 million 917,8 müň bolandygyny aýdýar.

Mundan başga, öňki ýyllardaky görkezijiler bilen deňeşdirmezden, sebitde iri şahly mallaryň (555,2 müň), düýeleriň (5,9 müň), gylýallaryň (2,8 müň), guşlaryň (4 million 237,1 müň) sany barada hem maglumat berilýär.

Emma bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri gurak gelen ýylda, sowuk howada ýa keselçilikden gyrlan mallaryň sany barada maglumat çap etmeýär.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda ýylyň yzygiderli gurak gelmegi, ot-iým ýetmezçiligi, howanyň gaty sowamagy ýa aşa gyzmagy, dürli keselçilikler, derman gytçylygy netijesinde hojalyklaryň mallarynyň gyrylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.

Mallaryň köpelýändigi baradaky maglumatlar ýurduň sebitlerinde mallaryň aşa yssy howada köpçülikleýin gyrylýandygy barada berlen habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Emma häkimiýetler mallaryň gyrylýandygy, maldarlaryň çekýän zyýanlary baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

XS
SM
MD
LG