Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebit ammaryny ýyldyrym uransoň, Kubada uly ýangyn turdy


Kubaly ýangyn söndürijiler indi birnäçe gün bäri Matanzas şäherindäki nebit ammaryna uran ýyldyrymdan soň başlanan ýangyny söndürjek bolýarlar. Şu günki güne çenli bir adam öldi, 121 adam, şol sanda energiýa ministri Liwan Arronte ýaralandy, 17 ýangyn söndüriji dereksiz ýitdi.

AFP-niň maglumatyna görä, Kuba kömek sorap, "ýangyç öndürmekde tejribesi bolan dostlukly ýurtlara" ýüz tutdy.

Prezident Migel Diaz-Kanel "tiz beren kömekleri" üçin Meksika, Wenezuela, Russiýa, Nikaragua, Argentina we Çilä minnetdarlyk bildirdi. ABŞ tehniki maslahat teklip etdi diýip, AFP ýazýar.

Ýangyn 5-nji awgustda, Gawandan 100 km uzaklykda başlandy. Çig nebit saklanýan ammary ýyldyrym urdy we netijede partlama boldy. Ýangyn ilki bir ammary gaplap aldy, 6-njy awgustda irden goňşulykdaky ammara geçdi we netijede ol hem partlady.

Birinji ammarda takmynan 26 million litr çig nebit bolsa, ikinji ammarda 52 million litr ýangyç bardy. Ýangyç ammary ýurduň iň uly ýylylyk elektrik stansiýasyna degişlidi.

XS
SM
MD
LG