Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Ukrainanyň ýadro desgasyna halkara gözegçileriniň goýberilmegine çagyrýar


Zaporižýa ýadro desgasy
Zaporižýa ýadro desgasy

Ukraina we Russiýa hepde aýagynda bir-birini Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasyny topa tutmakda aýyplanyndan soň, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 8-nji awgustda halkara gözegçileriniň Zaporižýa ýadro desgasyna baryp görmegine ygtyýar berilmegine çagyrdy.

"Ýadro desgasyna edilen islendik hüjüm öz janyňa kast etmek bilen deň" diýip, Guterriş Ýaponiýada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol bu sözleri hepde ahyrynda Hiroşima eden saparyndan soň aýtdy. Guterriş bu ýerde dünýäde amala aşyrylan ilkinji ýadro hüjüminiň 77 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi.

Ukraina 6-njy awgustda atylan rus toplarynyň desganyň üç radiasiýa datçigine zeper ýetirendigini, Zaporižýa elektrik stansiýasynyň bir işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy. Bu gürrüňi edilýän desga birnäçe gün içinde urlan ikinji zarba boldy.

Russiýa bu urlan zarbalar üçin Moskwanyň däl-de, eýsem Kiýewiň özüniň jogapkärdigini öňe sürdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýany “ýdro terrorçylygynda” aýyplady we Moskwanyň ýadro pudagyna garşy has köp halkara sanksiýasyny girizmäge çagyrdy.

"Dünýäde bir terrorçy döwlet öz çägindäki ýadro desgasyna ot açýan wagtynda özüni howpsuz duýup biljek hiç bir ýurt ýok" diýip, Zelenski 7-nji awgustda telewideniýede berlen ýüzlenmesinde aýtdy.

Mariupol portundan takmynan 200 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýän ýadro desgasy urşuň başky günlerinde basylyp alyndy, emma ol ukrain işgärleri tarapyndan işledilýär.

Moskwa tarapyndan bellenen sebit häkimiýeti ukrain güýçleriniň atan raketlarynyň bu ýerdäki administratiw binalara, ammar binasynyň golaýyna zeper ýetirendigini aýtdy.

Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy hem ýetirilen zyýanda "ukrain milletçilerini" günäkärledi.

Zaporižýa desgasynyň ýanyndaky söweşler dünýäni alada goýdy.

Guterriş Halkara Atom energiýasy agentliginiň (IAEA) bu zawoda baryp görmeginiň zerurdygyny aýtdy.

"Biz Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) zawoddaky durnuklaşdyryş şertlerini döretmek ugrunda edýän tagallalarynyň ählisine doly goldaw berýäris" diýip, Guterriş aýtdy.

HAEA-nyň başlygy Rafael Mariano Grossi 6-njy awgustda soňky edilen hüjümiň "ýadro betbagtçylygynyň hakyky howpundan habar berýändigini" duýdurdy.

Grossi konfliktdäki taraplaryň ählisini ýadro desgasynyň golaýynda "aňrybaş derejede seresap bolmaga" çagyrdy.

HAEA-nyň başlygy öz edarasynyň gözegçileriniň, "ýadro howpsuzlygy babatynda tehniki goldaw bermegi" üçin zawoda baryp görmeklerine rugsat berilmeginiň "juda möhümdigini" hem sözüne goşdy.

Şu aralykda Halkara günä geçiş guramasy Ukrainany parahat ilaty rus goşunlarynyň ýagdyrýan oklarynyň öňünde goýmakda aýyplaýan hasabatyň sebäp bolan “öýke-kinesi üçin çyndan gynanýandygyny” aýtdy.

Guramanyň 4-nji awgustda çap edilen hasabatynda Kiýew, ukrain harbylaryny ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we hassahanalarda ýerleşdirmek we gür ilatly ýerlerden garşylykly hüjüm etmek bilen, parahat ilaty howply ýagdaýa salmakda aýyplandy.

Hukuk topary “Biz öz gelen netijelerimiziň arkasynda doly durýarys" diýdi, ýöne özleriniň bu hasabat arkaly "russiýalylaryň edýän ýowuzlyklaryny aklaýan hiç bir zat etmändiklerini” nygtady.

“Amnesty International” guramasynyň Ukrainadaky edarasynyň başlygy adam hukuklaryny goraýan guramany Kremliň propagandasyna goldaw bermekde aýyplap, işinden çekildi.

Prezident Wolodymyr Zelenski hukuk goraýjy toparyň "terrorçy döwleti aklamaga we jogapkärçiligi hüjümçiden pidanyň üstüne geçirmäge" synanyşandygyny aýtdy.

Günä geçiş guramasynyň hasabatynda ukrain güýçleriniň Harkow, Donbas we Mikolaýow sebitleriniň 19 şäherçesinde we obasynda parahat ilaty howp astyna salan halatlary görkezildi. Hukuk topary 7-nji awgustdaky beýanatynda öz hasabatynda beren bahasyny, öňki gelen netijesini yzyna almakdan ýüz öwürdi.

Şol bir wagtda, Günä geçiş guramasy öz hasabatynyň sebäp bolan öýke-kinesiniň gerimini boýun aldy.

"Amnesty International guramasy özüniň ukrain goşunynyň söweş taktikasy barada çap eden beýanatynyň döreden ynjalyksyzlygyna we gahar-gazabyna çuňňur gynanýar" diýip, guramanyň beýanatynda nygtaldy.

Forum

XS
SM
MD
LG