Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan we Özbegistan umumy serhedi kesgitlemek ylalaşygyna gelýär


Gazak-özbek serhedinde ýerleşýän Dostyk obasy. Türküstan sebitiniň Keles etraýy
Gazak-özbek serhedinde ýerleşýän Dostyk obasy. Türküstan sebitiniň Keles etraýy

Gazagystan we Özbegistan umumy serhedi kesgitlemek baradaky taslamany tassyklady diýip, Gazagystanyň DIM-i habar berýär. 6-njy awgustdaky habarda aýdylmagyna görä, 25-nji iýuldan 5-nji awgusta çenli aralykda Almatyda gazak we özbek hökümetleriniň wekiliýetleriniň nobatdaky duşuşyklary geçirildi.

"Gepleşikleriň dowamynda taraplar Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda iki ýurduň döwlet serhedini kesgitlemek we serhet kesgitlemek baradaky gutarnykly resminamalary düzmek baradaky şertnamanyň taslamasyny utgaşdyrmak işini tamamladylar" diýip, habarda bellenýär.

Indiki duşuşyk Özbegistanda geçiriler.

Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda 2300 kilometrden gowrak uzaklykdaky araçäk bar. Gazak-özbek serhedini kesgitlemek prosesi 2003-nji ýylda, bu ugurdaky meýdan işleri bolsa 2004-nji ýylda başlandy.

Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek boýunça köp jedelli mesele bardy. Esasy mesele sowet hökümetiniň ýerleri "ykdysady bähbitler üçin" bir respublikadan beýlekisine geçirmek praktikasy bilen bagly boldy.

XS
SM
MD
LG