Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gazyny Azerbaýjana eltjek geçirijiniň gurluşygy tamamlanýar


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň boýunda gurulýan esasy gaz geçirijiniň gurluşygynyň basym tamamlanjakdygyny aýtdy diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Eýranyň PressTV neşirne salgylanyp ýazýar.

Bu geçiriji Eýranyň Türkmenistan bilen alyş-çalyş şertnamasy boýunça, Azerbaýjana gaz ibermek meýilnamasynyň çäginde gurulýar.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň bölüm müdiri Mohammad Reza Joulaýiň sözlerine görä, 150 kilometr aralyga uzaýan Raşt-Çelawand geçirijisi basym gaz geçirmäge taýýar ediler.

Raşt-Çelawand gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. Emma onuň gurluşygy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda, Azerbaýjan -Eýran -Türkmenistan tarapyndan baglaşylan üçtaraplaýyn şertnama gol çekileninden soň güýçlendirildi.

Bu şertnama esasynda Aşgabat ýylda 2 milliard kub metre çenli tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ibermekçi bolýar.

XS
SM
MD
LG