Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslaryň anneksiýa eden Krym adasyndaky harby howa bazasynda partlama boldy, bir adam öldi


 Nowofedorowka görnüşi. 9-njy awgust, 2022
Nowofedorowka görnüşi. 9-njy awgust, 2022

Ukrainanyň Russiýa birikdirilen Krym sebitiniň Moskwa tarapyndan bellenen häkimiýetleri Nowofedorowka obasynyň golaýyndaky harby howa bazasynda birnäçe partlamanyň bolandygyny we bir adamyň ölendigini aýdýarlar.

Krymyň Russiýa tarapyndan bellenen başlygy Sergeý Aksýonow 9-njy awgustda telegramda bir adamyň öldürilendigini aýtdy we pidanyň garyndaşlaryna gynanç bildirdi. Emma ol merhumyň kim bolandygyny aýtmady.

Şu aralykda, ýerli saglygy goraýyş resmileri bäş adamyň, şol sanda bir çaganyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň biraz öň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, bu partlamalara awiasiýa ok-därileriniň ýarylmagy sebäp boldy. Ýöne ministrlik ok-därileriň ýarylmagyna kimiň ýa-da nämäniň sebäp bolandygyny anyklaşdyrmady.

Ministrligiň beýanantynda harby howa meýdançasynyň hiç bir hüjümiň nyşanasy bolmandygy we hiç adamyň ýaralanmandygy aýdyldy.

Esasy sebäp "ýangyn howpsuzlygy talaplarynyň bozulmagy" bolup görünýär diýip, TASS habar gullugy Goranmak ministrliginiň ady aýdylmadyk çeşmesine salgylanyp habar berdi. Şeýle-de ministrlik habar gullugyna Saki aeroportundaky uruş uçarlarynyň hiç birine zeper ýetmändigini aýdypdyr.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu partlamanyň sebäbini bilmeýändigini, ýöne Russiýanyň bu bolan hadysany propaganda hökmünde ulanmagynyň mümkindigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Ukrainanyň bu partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne almaýandygyny aýtdy.

Mihaýlo Podolýak “Dožd” onlaýn teleýaýlymynyň Kiýew bu meseledäki jogapkärçiligi öz üstüne alýarmy diýip beren soragyna "Elbetde, ýok. Biziň muňa nähili dahylymyz bolup biler?" diýip jogap berdi.

Birnäçe sagat öň sosial ulgamlarda hamala Saki aeroportunda bolan partlamalary görkezýän wideolar peýda boldy.

Geçen hepde, Krym portundaky Sewastopol şäherinde, hamala Russiýanyň Gara deňiz flotunyň howlusyna uçup gelen dronyň partlamagy netijesinde, Moskwanyň Harby deňiz flotunyň bäş agzasy ýaralandy.

Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun basyp aldy we 24-nji fewralda Ukrainada barýan esassyz urşuna başlady.

Moskwaly resmiler Ukraina Kryma garşy edilen islendik hüjümiň giň gerimli ar alyş çärelerine, şol sanda Kiýewdäki “karar merkezlerine” zarba urulmagyna sebäp boljakdygyny duýdurdylar.

Zelenski bu hüjüme Krymy Russiýadan yzyna almak wadasy bilen jogap berdi.

“Russiýanyň Ukraina we ähli erkin Ýewropa garşy alyp barýan bu urşy Krymdan başlandy we Krymyň azat edilmegi bilen soňlanmaly" diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

“Bu günki gün munuň haçan boljakdygyny aýtmak mümkin däl. Emma biz Krymy azat etmegiň formulasyna zerur bolan komponentleri yzygiderli goşýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus goşunlarynyň Donbasa gözegçiligini giňeltmek üçin edýän hüjümlerini ýaýbaňlandyrmagy bilen, 9-njy awgustda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitiniň front liniýalaryndaky şäherlerinde agyr söweşleriň barýandygy habar berildi.

Kiýew öz goşunlarynyň güýçli garşylyk görkezýändigini we öz berkitmelerini esasan gorap saklaýandygyny aýtdy.

Rus goşunlary Donetsk sebitinde birnäçe ugra hüjüm etmäge synanyşdylar diýip, Ukrain goşunynyň baş ştabynyň 9-njy awgust agşamy söweş meýdanyndan beren hasabatynda aýdyldy.

Şu aralykda Pikiri soralan ruslaryň 60% -iniň "Kiýewe garşy täze hüjümi" goldajakdygy habar berildi.

Wladimir Putiniň "Kiýewe garşy täze hüjüme" başlatmak kararyna gelmek ähtimallygy pikiri soralan ruslaryň 60% -i tarapyndan goldanylar, soraga gatnaşanlaryň 65% -i prezidentiň parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak we urşy bes etmek niýetini hem oňlardy diýip, “Kommersant” neşiri “Russian Field” gullugynyň geçiren sosiologiki barlaglarynyň netijelerine salgylanyp ýazdy.

Pikir soramanyň awtorlary onuň netijeleriniň pikiri soralanlaryň hakyky pikirlerine gabat gelmän hem biljekdigini, sebäbi "russiýalylaryň bu tema barada gürleşmekden gorkýandyklaryny, jogap bermekden boýun gaçyrýanlaryň köpelendigini, çynyny aýdýanlaryň azalandygyny bellediler.

Forum

XS
SM
MD
LG