Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp kazynyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi


Donald Tramp, arhiw suraty
Donald Tramp, arhiw suraty

ABŞ-nyň öňki prezidenti, maliýe galplygynda aýyplanaýan Donald Tramp, öz goragyna görkezme bermek üçin, Nýu-Ýorkda kazyýete bardy.

Kazyýetiň pikiriçe, Trampyň kompaniýalary, uly karz serişdelerini almak üçin, emläkleriň - myhmanhanalaryň, golf klublarynyň we beýleki gozgalmaýan emläkleriň hakyky bahasyny ep-esli ýokarlandyrypdyr we salgytlardan gaçmak üçin, olardan gelýän girdejileri azaldyp görkezipdir.

Tramp kazyýetde diňe hakykaty aýtmak üçin kasam etdi, ýöne ABŞ-nyň konstitusiýasynyň özüňe we ýakyn maşgala agzalaryňa garşy şaýatlyk etmezlige mümkinçilik berýän bäşinji düzedişinden peýdalanyp, köp soraga jogap bermekden ýüz öwürdi.

Tramp özüne garşy gozgalan işiň syýasy sebäplidigini aýtdy. Ol özüniň Respublikan partiýa degişlidigini, bu işe seredýän kazy Letitsia Jeýmsiň bolsa Demokratik partiýa degişlidigini aýtdy.

Ol öz kompaniýalarynyň maliýe emelleriniň derňelmegini galp maglumat öndürýän metbugat tarapyndan goldanýan arwah awy diýip atlandyrdy.

Tramp birinji gün FDB-nyň Floridadaky Mar-a-Lago mülkünde gözleg, barlag işlerini geçirendigini aýdypdy.

CNN Trampyň öýi dökülen wagtynda mülkünde bolmandygyny we FDB-nyň işgärleriniň elinde öý dökmek barada berlen orderiň bolandygyny habar berdi.

“The New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Milli arhiwi 15 guty resminamanyň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Trampa ençeme gezek ýüzlendi we ahyrynda, olaryň ýok edilmek howpy sebäpli, FDB-a ýüz tutdy.

"Jenap Tramp prezidentlik döwründe hökümet arhiwlerinde saklanmaly resmi kagyzlary ýok etmek bilen tanaldy” diýip, gazet belleýär.

XS
SM
MD
LG