Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB rus raýatlaryna Şengen wizasynyň berilmegini gadagan etmek teklibini maslahatlaşýar


Ýewropa Bileleşigi Şengen wizalarynyň Russiýanyň raýatlaryna berilmegini gadagan etmek baradaky teklibi ara alyp maslahatlaşmaga başlady diýip, Doýçe Welle öz habarçysyna salgylanyp habar berýär.

Mundan öň bu habar BBC, “Meduza” we beýleki neşirler tarapyndan ýaýradyldy, olar Germaniýanyň Ministrler kabinetiniň resmi wekili Steffen Hibestraýte salgylandylar.

Onuň sözlerine görä, käbir ÝB ýurtlary tarapyndan hödürlenen taslama häzir "gün tertibinde" durýar. Hibestraýt bu teklibi haýsy ýurtlaryň edendigini aýtmady.

TASS habar gullugynyň Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliniň eden beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, diňe bir syýahatçylara däl, eýsem žurnalistlere, dissidentlere we ÝB raýatlarynyň garyndaşlaryna-da wiza bermegiň gadagan edilmegi barada maslahat edilýär.

Bu meseläniň ÝB-niň daşary işler ministrleriniň awgust aýynyň aýagynda Pragada geçiriljek duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG