Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi özüni öldürýän çagalaryň sanynyň tas 40% köpelendigini aýdýar


Russiýanyň çagalar ombudswoman edarasynyň geňeşçisi bu ýurtda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda öz-özüni öldürýänleriň sanynyň tas 40% ýokarlanandygyny aýtdy.

Roman Çuprikow 11-nji awgustda Russiýada çagalaryň arasynda öz janyna kast edip ölenleriň resmi, ýagny hasaba alnan sanynyň geçen ýyl 753 bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol 2020-nji ýylda öz janyna kast edip ölen çagalaryň sanynyň 548 bolandygyny aýtdy.

Moskwanyň psihiatrik gözleg merkeziniň hünärmeni Karina Keşçýan Russiýada öz janyna kast etmäge synanyşýan çagalaryň sanynyň hakykatda has köpdügini aýdýar.

Keşçýanyň maglumatyna görä, ene-atalaryň adatça professional kömek soramakdan ýüz öwürmegi sebäpli, psihiatrik hünärmenler özlerini öldürmäge synanyşan "köp sanly çagany" halas etmäge ýetişmeýär.

XS
SM
MD
LG