Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban ruhanysy öz dini mekdebinde janyndan geçen hüjümçiniň gurnan partlamasynda öldürildi


Rahimullah Hakkani
Rahimullah Hakkani

Tanymal hanafi ruhanysy we talyban goldawçysy Kabulda, öz dini medresesinde bolan partlamada öldürildi diýip, talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiň metbugat wekili 11-nji awgustda aýtdy.

Rahimullah Hakkani öz dini mekdebinde, "gorkak duşman tarapyndan edilen hüjümde" öldürildi diýip, hökümetiň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Karimi aýtdy.

Hökümet bu hüjüm barada goşmaça maglumat bermedi. Hüjümden soň çap edilen birnäçe habarda aýdylmagyna görä, Hakkani öz medresesiniň, dini bilim berýän mekdebiniň içinde özüni partladan hüjümçi tarapyndan öldürildi.

Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Halid Zadran bu hüjümde Hakkanynyň bir doganynyň hem ölendigini aýtdy. Şeýle-de, Zadran üç adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini, telegram kanalyndaky beýanata görä, “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Jihadçylyga gözegçilik edýän SITE aňtaw toparynyň “Yslam döwleti” toparynyň çap eden beýanatyna salgylanyp aýtmagyna görä, Hakkani "Talybanyň” iň görnükli tarapdarlarynyň biri we söweşe meçew berenleriň iň ulusy" bolup durýardy.

Azatlyk radiosnyň Owgan gullugy bir çeşmä salgylanyp, Hakkana bir maýyp adamyň hüjüm edendigini we azyndan alty adamyň öldürilendigini habar berdi.

Hüjümçi, “Roýters” habar gullugynyň ady aýdylmaýan dört çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, ozal aýagyny ýitiren we partlaýjy maddalary plastik protezde gizlän adam bolupdyr.

XS
SM
MD
LG