Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti mejlis geçirip, ýurduň ykdysady ösüşinden kanagatlanma bildirdi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Serdar Berdimuhamedow 12-nji awgustda, Hazar kenarynda dynç alýan ýerinde Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, resmileriň ýylyň ýedi aýy boýunça beren hasabatlaryny diňledi, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1% bolandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5% artdy diýip, TDH ýazýar.

Mejlisiň dowamynda, adatça bolşy ýaly, ähli ugur boýunça uly ösüş sanlary getirildi. Mysal üçin, anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, soňky ýedi aýda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça "ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 120%-e barabar boldy”.

Bu maglumat, uçar gatnawlarynyň doly açylmazlygy netijesinde, Türkiýeden ýurduna dolanyp bilmeýän ýüzlerçe migrantyň Stambul aeroportunda hökümetden uçar talap edýän wagtynda berildi.

Bu mejlis prezidentiň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyp, ýurduň deňiz güýçleriniň kuwwaty bilen tanyşmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Mundan öň ol Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdy.

Şeýle-de, ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlanandygy aýdylýar, emma, adatça bolşy ýaly, inflýasiýanyň derejesi aýdylmaýar.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda öz taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigini, işsizligiň görlüp-eşidilmedik derejelerde ösendigini, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG