Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türgenleri Türkiýede medal yzyna medal gazanýar

Türkmen türgenleri. "Arzuw" neşiriniň suraty
Türkmen türgenleri. "Arzuw" neşiriniň suraty

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Hojamuhammet Toýçyýew Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän Yslam Raýdaşlyk oýunlary bäsleşiginde bir kümüş, iki bürünç medal gazandy diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Hojamuhammet Toýçyýew agyr atletika boýunça 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, itekläp götermekde 184 kilogramy galdyryp, kümüş medala, silterläp götermekde 225 kilogramy galdyryp, bürünç medala, iki görnüşiň jemi boýunça 409 kilogram agram bilen uly bürünç medala eýe boldy.

Şeýle-de, Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Dzýudo boýunça zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Zulhumar Daşgynowa Türkmenistana ýene bir bürünç medal getirdi.

19-njy awgusta çenli dowam etjek V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 14 medal bilen 13-nji ýerde barýar. Türkmenistanly türgenler häzire çenli 3 altyn, 4 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular.

XS
SM
MD
LG