Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Pakistanda bolan köçe-ýol hadysasynda azyndan 20 adam öldi


 Pakistan hadysasy. Arhiw suraty
Pakistan hadysasy. Arhiw suraty

Pakistan häkimiýetleri ýolagçy awtobusynyň nebit tankeri bilen çakyşmagy netijesinde dörän partlamada azyndan 20 adamyň ölendigini aýtdylar.

16-njy awgustdaky heläkçilik paýtagt Yslamabadyň takmynan 540 km günortasynda ýerleşýän merkezi Multan şäheriniň golaýynda, daň atmazyndan öň boldy.

Ilki çykan habarlarda awtobusyň sürüjisiniň ruluň başynda uklap galandygy aýdylýar.

Pakistanda bolýan köçe-ýol hadysalary giň ýaýran mesele bolup, betbagtçylykly hadysalara köplenç ýollaryň ýaramazlygy, ulaglaryň gurat bolmazlygy, olaryň geleňsiz sürülmegi sebäp bolýar.

2015-nji ýylda bir ýolagçy awtobusy nebit tankeri bilen çakyşanda turan ýangynda azyndan 62 adam öldi.

XS
SM
MD
LG