Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan rus dilini birinji synpdan başlap öwretmegi bes edýär


Gazagystanyň häkimiýetleri täze okuw ýylyndan başlap, birinji synp okuwçylarynyň birbada üç dili öwrenmegini bes etmek kararyna geldiler diýip, bilim ministri Ashat Aýmagambetow aýtdy.

Resminiň sözlerine görä, çagalar birinji synpda diňe gazak dilini öwrenerler, sebäbi olaryň rus we iňlis dillerini öwrenmekleri üçin ilki öz ene dilinde okamagy we ýazmagy öwrenmegi zerur.

Ol birinji synp okuwçylarynyň birbada üç dili öwrenmeginiň kyndygyny hem belläp geçdi.

"Rus dilini öwrenmek ikinji synpdan, aýratyn ders hökmünde başlanar we iňlis dili üçünji synpdan başlap, ähli mekdeplerde öwrediler" diýip, Aýmagambetow ikinji gün geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy.

Şol bir wagtda, rus dilinde okaýan çagalaryň mekdep programmalaryndaky iki ders, rus we gazak dilleri saklanyp galar, olar iňlis dilini üçünji synpda öwrenip başlarlar diýip, Gazagystanyň Bilim ministrligi “Interfaks” habar gullugyna aýtdy.

Ozal Gazagystanyň mekdep okuwçylary birinji synpdan üç dili - rus, gazak we iňlis dillerini öwrenip başlaýardylar. Iňlis dilini birinji synpdan öwrenmek düzgüni 2012-nji ýylda girizildi.

XS
SM
MD
LG