Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda mekdep direktory boljaklaryň diňe 30%-i synagdan geçdi

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gyrgyzystanyň bäş sebitinde mekdep direktory wezipesine bäsdeşlik geçirildi we kompýuter synagyna gatnaşýan dalaşgärleriň diňe 30%-i zerur bolan netijäniň iş aşaky derejesini alyp bildi.

Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, boş orunlaryň iň köpüsi Oş sebitinde bolup, 244 mekdep direktorynyň orny üçin bäsleşik geçirildi. Synaga gatnaşmak üçin 359 adama rugsat berildi. Olaryň 88 sanysy talap edilýän netijäniň minimal derejesini gazanyp, ýeňiji boldy.

Talas sebitinde mekdep direktorlarynyň boş duran 45 orny üçin 113 adam resminama tabşyrdy, emma olaryň 37-si zerur resminamalary getirip bilmedi. Synaga jemi 75 dalaşgär goýberildi, olaryň 24 sanysy, 32%-i kompýuter synaglaryndan geçmegi başardy.

Oş, Jelal-Abad, Talas, Batken we Çuý sebitlerinde dalaşgärleriň synagy geçirildi. Naryn, Yssyk-Köl sebitlerinde, şeýle-de Bişkekde we Oşda bellenen synaglar indi geçiriler.

XS
SM
MD
LG