Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernogoriýanyň parlamenti premýer-ministriň hökümetine ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi

3-nji awgustda Çernogoriýanyň premýer-ministri Dritan Abazowiç (sagda) serb prawoslaw kilisesiniň patriarhy Porfinje bilen duşuşdy.
3-nji awgustda Çernogoriýanyň premýer-ministri Dritan Abazowiç (sagda) serb prawoslaw kilisesiniň patriarhy Porfinje bilen duşuşdy.

Çernogoriýanyň parlamenti hökümet bilen Serbiýanyň prawoslaw kilisesiniň arasynda dawaly ylalaşyk gazanylandan soň, premýer-ministr Dritan Abazowiçiň azlyk hökümetine ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi.

81 agzaly kanun çykaryjy organ bir gün dowam eden debatdan soň, 20-nji awgustda irden bir agzanyň oňyn we 50 agzanyň garşy ses bermegi bilen bu rezolýusiýany kabul etdi.

Abazowiçiň "URA raýat hereketiniň" we onuň ýarany "Demokratik front" hem-de "Sosialistik Halk partiýasynyň" wekilleri ses bermekden saklandylar.

"Çernogoriýanyň hökümetiniň ynamyny ýitirendigini yglan edýärin" diýip, Mejlisiň başlygy Danijela Durowiç ses berişlikden soň aýtdy.

Abazowiçiň hökümeti täze hökümet gurulýança wagtlaýyn wezipesini dowam etdirer.

Hökümeti işden aýyrmak baradaky çärä prezident Milo Djukanowiçiň "Sosialistik demokratik partiýasy" (DPS) ýolbaşçylyk etdi.

Mundan ozal, Djukanowiç we onuň tarapdarlary Abazowiç Çernogoriýanyň Serbiýadan garaşsyzlygyny doly ykrar etmeýän serb prawoslaw kilisesi bilen jedelli şertnama baglaşmagyna nägilelik bildiripdiler.

XS
SM
MD
LG