Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Makron HAEA-ni Zaporižýa ýadro desgasyny barlamaga çagyrdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron rus kärdeşi Wladimir Putine Ukrainadaky Zaporižýa ýadro desgasyndaky howpsuzlyk töwekgelçilikleri barada alada bildirdi, diýip, Makronyň edarasy Putiniň sebite Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (HAEA) ekspertler toparyny ibermek barada ylalaşandygyny hem aýtdy.

Fransuz prezidentiniň edarasynyň beýanatynda 19-njy awgustda telefon arkaly Ukrainadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşan iki prezidentiň öz gepleşiklerini ýakyn günlerde dowam etdirmäge razy bolandygy hem bellenilýär.

Ukrainanyň Zaporižýa ýadro desgasy Russiýa 24-nji fewralda Ukraina hüjüm edenden gysga wagt soň, mart aýynda rus güýçleri tarapyndan basylyp alnypdy.

Ýewropadaky iň uly ýadro desgasy soňky hepdelerde birnäçe gezek ot aldy. Yzygiderli döreýän bu ýangynlar ýadro betbagtçylygy baradaky aladalary artdyrýar.

Ukraina bilen Russiýa birek-biregi zawoda ot açmakda aýyplaýarlar.

Kreml Putiniň sözlerine salgylanyp, Russiýanyň gözegçiligindäki ýadro desgasyna hüjüm edilmeginiň "uly gerimli betbagtçylyk" töwekgelçiligini döredendigini aýtdy. Putin bu babatda Kiýewi aýyplady.

Kremle görä, iki lider hem Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (HAEA) ekspertlerini zawody "boldugyndan gysga wagtda" barlamaga we "bu ýerdäki hakyky ýagdaýa baha bermäge" çagyrdy.

XS
SM
MD
LG