Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: Siriýadaky nyşanalara ABŞ bähbitlerini goramak üçin zarba uruldy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 

ABŞ şu hepde Siriýada Eýran bilen ilteşikli nyşanalara zarba urdy we bu çäre Amerikanyň işgärlerini goramak üçin amala aşyryldy diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aýtdy.

Baýden bu sözleri 25-nji awgustda ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň ýolbaşçysyna ýazan hatynda aýtdy we gürrüňi edilýän zarbalar ABŞ-nyň harby güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň gatnaşan üç günlük çaknyşyklarynyň arasynda uruldy.

Baýden Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosä ýazan hatynda bu zarbalaryň "ýurduň içindäki we daşary ýurtda amerikan raýatlaryny, ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny we daşary syýasat bähbitlerini goramak jogapkärçiligine laýyklykda" urlandygyny aýtdy.

Ýerli harby resmiler ABŞ goşunynyň 25-nji awgustda Siriýanyň Maýadin şäherinde ýerleşýän birnäçe nyşana hüjüm edendigini aýtdylar.

Bu şäher käbir bölekleri Siriýanyň hökümet gözegçiligi astynda galýan Deir al-Zor sebitinde ýerleşýär.

Habarlarda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň dikuçar zarbalary esasynda Eýran bilen ýaranlykdaky milisiýanyň azyndan üç agzasy öldürildi.

Yrak bilen serhetleşýän we nebite baý strategiki sebit bolan Deir al-Zor Eýran tarapyndan goldanýan milisiýa toparlary we Siriýa güýçleri tarapyndan dolandyrylýar.

Bu toparlar geçmişde Ysraýylyň söweş uçarlary tarapyndan hem nyşana alyndy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi 24-nji awgustda Tähranyň nyşana alynýan ýerler bilen hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG