Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri ýene ÝB araçylygynda gepleşik geçirer

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel Brýusselde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen. Arhiw suraty
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel Brýusselde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen. Arhiw suraty

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri Brýusselde duşuşyp, Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda gepleşik geçirmek ylalaşygyna geldi diýip, Ermenistanyň hökümeti 25-nji awgustda aýtdy. 31-nji awgustda geçiriljek duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel hem gatnaşar.

Bu duşuşyk 1-3-nji awgustda bölüniji Dagly-Garabag sebitinde azyndan bir azerbaýjanlynyň we iki sany ermeni esgeriniň öldürilmegine getiren söweşden soň gurnalýar. Bolup geçen zorlukly wakalarda iki tarap hem biri-birini günäkärleýär.

Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky soňky duşuşyk hem 22-nji maýda, Mişeliň başlangyjy bilen, Brýusselde geçirilipdi. Azerbaýjan bilen Ermenistan Dagly-Garabag meselesinde ençeme ýyl bäri oňuşman gelýär.

XS
SM
MD
LG