Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew ganly tolgunyşyklardan soň Özbegistanyň awtonom sebitiniň täze liderini tassyklady


Şawkat Mirziýoýew
Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň täze liderini tassyklady. Geçen aý sebitiň özbaşdaklyk hukugyny çäklendirmek synanyşyklarynyň yz ýany ol ýerde ýüze çykan tolgunyşyklarda 21 adam ölüpdi.

Mirziýoýew 26-njy awgustda sebit merkezi Nöküsde Garagalpagystanyň Ýokary geňeşiniň (Žokargy Keneş) mejlisine gatnaşdy. Onuň tassyklamagyndan soňra, Amanbaý Orunbaýew geňeşiň başlygy saýlandy.

Orunbaýewden öňki başlyk, Murat Kamalow şol gün biraz öň işden boşadyldy.

Mirziýoýewiň başlangyjy bilen girişilen konstitusion üýtgetmeler we goşmaçalar, şol sanda Garagalpagystanyň, eger raýatlar islese, referendum geçirmek arkaly garaşsyzlyga eýe bolmak hukugyna kepil geçýän maddalaryň baş kanundan aýrylmagynyň teklip edilmeginden soňra, 1-nji iýulda Nöküsde we beýleki şäherlerde köpçülikleýin protestler başlady.

Sebitde dörän protestleriň arasynda Mirziýoýew 2-nji iýulda Nöküse sapar etdi we öz meýilnamalaryndan el çekýändigini köpçüligiň öňünde yglan etdi.

Şonda Ýewropa Bileleşigi Garagalpagystanda bolan zorlukly wakalaryň garaşsyz derňelmegine çagyrdy.

Garagalpaklar Merkezi Aziýada ýaşaýan türki dilli halk bolup, olaryň ýaşaýan sebiti 1930-njy ýylda Russiýa Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasynyň, soňra bolsa, 1936-njy ýylda Özbegistanyň düzümine girizilmezden ozal Gazagystanyň awtonom sebiti bolupdy.

XS
SM
MD
LG