Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka belarus söweş uçarlarynyň rus ýadro ýaraglaryny götermäge taýýardygyny aýdýar


Aleksandr Lukanşenka (çepde) we Wladimir Putin
Aleksandr Lukanşenka (çepde) we Wladimir Putin

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukanşenka öz ýurdunyň Su-24 harby uçarlarynyň ýadro ýaraglaryny göterip daşap bilmekleri üçin gaýtadan enjamlaşdyrylandygyny aýdýar.

Russiýanyň Ukraina garşy urşunda Kremle ýaranlyk edýän Lukaşenka 26-njy awgustda bu karar boýunça rus prezidenti Wladimir Putin bilen ylalaşandygyny aýtdy.

“[Günbatar] dartgynlylygy ýokarlandyran halatynda ne dikuçarlaryň, ne-de uçarlaryň özlerini halas edip bilmejekdigine düşünmeli. Biz, Putin bilen, bir wagt Sankt Peterburgda belarus Su-24 uçarlary hem ýadro ýaraglaryny göterip biler ýaly olary abzallaşdyrmak barada gürrüň etdik. Biz näme, boş gürrüň edýändiris öýtdüňizmi? Ähli zat taýýar!” diýip, Lukaşenka Minskde žurnalistlere aýtdy.

Ol öz öňe sürmesine delil görkezmedi.

Belarusyň özüne degişli ýadro ýaraglary ýok we onuň Su-24 kysymly uçar flotyny on ýyl ozal ulanyşdan galdyrandygy çak edilýär, ýöne uçarlary abatlap, gaýtadan ulanyşa girizip bolýar.

Putin we Lukaşenka 25-nji iýunda Sankt Peterburgda duşuşdy. Şol duşuşykda rus lideri Moskwanyň Belarusy “Iskander – M” raketa ulgamlary bilen üpjün etjekdigini aýtdy we bu ulgamlaryň birnäçe aýyň içinde eltiljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

“Iskander – M” ulgamy ykjam raketa ulgamy bolup, ol 500 kilometre çenli aralyga ýetmäge ukyplydyr.

Belarus Ukraina garşy urşa göni goşulmaýar, ýöne ol rus güýçlerine Belarusyň serhedinden Ukraina geçmäge rugsat bermek bilen Moskwanyň 24-nji fewralda başlan çozuşyna logistiki ýardam berdi.

XS
SM
MD
LG