Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň 30-njy awgustda eden telefon söhbetdeşliginde prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara resmi sapar etmek mümkinçiliklerine garaldy diýip, türkmen DIM-i anyklaşdyrmazdan habar berýär.
Mundan öň türkmen DIM-i prezidentiň Saud Arabystanyna etjek resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini aýdyp, goşmaça maglumat bermändi.
Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň Saud Arabystany patyşalygyna iki günlük sapar edip, Umra hajyny berjaý edeninden soň, daşary ýurtlara edýän ilkinji resmi saparyny Russiýadan başlady.
Şeýle-de, habarda aýdylmagyna görä, Raşid Meredow bilen Katar döwletiniň daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tanini bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek ylalaşygyna geldiler.
Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.