Mihail Gorbaçýowyň ölümine dünýä liderleriniň we syýasatçylarynyň köpüsi reaksiýa bildirdi, dördünji gün gazetleriň köpüsi birinji sahypalarynda Sowet Soýuzynyň iň soňky ýolbaşçysynyň portretlerini çap etdiler, onuň ömri we işi barada uly göwrümli makalalar çap edildi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Gorbaçýowy "seýrek duşýan lider" diýip atlandyrdy, onuň başga bir gelejegiň hem mümkindigini görmek ukybyna eýe bolandygyny, şol gelejege ýetmek üçin öz karýerasy babatda töwekgelçilik etmäge-de gaýrat tapandygyny aýtdy. Munuň netijesi has howpsuz dünýä we millionlarça adamyň uly azatlygy boldy diýip, amerikan prezidenti Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.
BMG-niň Baş sekretary António Guterrişiň sözlerine görä, Mihail Gorbaçýow taryhyň ugruny üýtgeden we sowuk urşy parahatçylykly togtatmakda, özüniňkä kybapdaş wezipede beýlekilere garanda has köp iş eden ýeke-täk döwlet işgäri bolup durýar.
Britan premýer-ministri Boris Jonson Gorbaçýowyň sowuk urşy parahatçylykly ýagdaýda tamamlamakda görkezen edermenligine we gönümelligine hemişe guwanandygyny aýtdy.