Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

LUKoil-yň başlygy gümürtik ýagdaýda ýogalan rus işewürleriniň ýene biri boldy


Prezident Wladimir Putin öz wagtynda LUKoil-yň ilkinji wise-prezidenti Rawil Maganowy Alekander Newski ordeni bilen sylaglapdy. Arhiw suraty.
Prezident Wladimir Putin öz wagtynda LUKoil-yň ilkinji wise-prezidenti Rawil Maganowy Alekander Newski ordeni bilen sylaglapdy. Arhiw suraty.

LUKoil Russiýanyň iň uly hususy nebit kompaniýasynyň başlygy we Kremliň Ukrainadaky urşuna garşy çykyş edenleriň biri bolan başlygynyň "agyr keselden" ölendigini aýtdy, ýerli metbugat onuň hassahananyň penjiresinden böküp ölendigini aýdyp, bu maglumaty ýalana çykarýar.

LUKoil öz beýanatynda Rawil Maganowyň 1-nji sentýabrda, "agyr keselden soň aradan çykandygyny" aýtdy.

Bu beýanat ýerli habar serişdeleriniň öz çeşmelerine we hukuk goraýjy edaralaryň ady aýdylmadyk resmilerine salgylanyp, 67 ýaşly bir adamyň rus paýtagtyndaky merkezi kliniki hassahananyň penjiresinden ýykylyp, aradan çykandygy barada beren habarynyň birnäçe sagat soňundan edildi.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy ady aýdylmadyk hukuk goraýjy çeşmä salgylanyp, Maganowyň ýürek agyry sebäpli keselhana ýerleşdirilenden soň altynjy gatdaky penjireden böküp, özüni öldürendigini aýtdy.

Ýagdaýdan habarly iki çeşmäniň “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Maganow hassahananyň penjiresinden ýykylandan soň öldi, ýöne bolan zatlar entek aýdyň däl.

"Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Moskwa polisiýasy bu ölüm baradaky soraglary Döwlet derňew komitetine iberdi.

LUKoil mart aýynda urşy ýazgarýan ýeke-täk kompaniýa bolup, ony “betbagtçylyk” atlandyryp, "ýaragly çaknyşygyň mümkin bolan iň irki pursadynda togtadylmagyna” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG