Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan 3-nji sentýabrda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon gepleşiginde Türkiýäniň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasy bilen bagly gapma-garşylykda araçylyk edip biljekdigini aýtdy.
"Prezident Erdogan Türkiýäniň galla şertnamasynda bolşy ýaly, Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynda hem araçy roluny oýnap biljekdigini mälim etdi" diýip, Erdoganyň edarasy aýtdy.
Geçen aý Erdogan ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen gepleşikleri geçirmek üçin Ukraina baranda, ýadro betbagtçylygynyň howpy barada duýdurdy.
"Biz aladalanýarys. Biz başga bir Çernobyly başdan geçirmek islemeýäris" diýip, Erdogan aýdypdy.
Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasy bolan Zaporižýa desgasyndaky ýagdaý halkara jemgyýetçiligi üçin uly alada döretmegi dowam etdirýär. Rus we ukrain güýçleri birek-biregi zawoda ot açmakda aýyplap, ýadro betbagtçylygynyň döremek ähtimallygy baradaky aladalary artdyrýarlar.