Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trass işden çekilen britan premýeri Jonsonyň ýerine PM boldy

Liz Trass 
Liz Trass 

Liz Trass birnäçe aýlap dowam eden dawa-jenjelden soň, öz dolandyryşyna bildirilýän goldawyň azalýandygyny görüp işden çekilen Boris Jonsonyň ýerine Angliýanyň täze premýer-ministri diýlip yglan edildi.

47 ýaşly Trass 5-nji sentýabrda dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň içinde öňki gazna başlygy Rişi Sunakdan köp ses alyp, ýeňiş gazandy.

Jonsonyň döwründe daşary işler ministri bolup işlän Trass Tereza Meýden we Margaret Tetçerden soň ýurduň üçünji aýal premýer-ministri bolýar.

Ol ýurdy gaplap alan durmuş gymmatlamasyna we uzaga çekmek ähtimallygy bolan çökgünlige barýan ykdysadyýeti miras aldy.

Trass köpelýän energiýa çykdajylary meselesini çözmek üçin “derrew” hereket etjekdigini aýtdy.

Kreml onuň premýeriň wezipesine bellenmeginden kän oňyn özgerişlige garaşmaýandygyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 5-nji sentýabrda žurnalistlere "Biz hiç bir oňyn zada umyt edip bileris öýdemok" diýdi.

XS
SM
MD
LG