Aşgabadyň “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezinde “Aşgabat - dizaýn şäherim” atly taslamanyň çäklerinde guralan Moda hepdeliginiň jemleýji tapgyry geçirildi diýip, hökümetçi “Salam News” neşiri 7-nji sentýabrda habar berdi.
Moda hepdeliginiň jemleýji tapgyrynda ýeňijiler yglan edilip, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Modeller öýi» iň gowy modeller öýi, şol ministrligiň «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi iň gowy sport egin-eşikleri; «Gül zaman» modalar öýi iň gowy dizaýner; «Nur ýüpek» hususy kärhanasy iň gowy kreatiw ideýalar; «Mähirli zenan» hususy kärhanasy iň gowy konseptual ideýalar boýunça ýeňiji boldy, Aýza Çaryýewa iň gowy model diýip yglan edildi.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan «akylly» telewizorlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Bu çäre barada taýýarlanan habarda milli nagyşlar bilen bezelen uzyn köýnekleri geýen aýal-gyzlar görkezilýär, olara tomaşa edýän aýal-gyzlaryň hem diňe milli eşikleri geýendigi görünýär, emma suratlarda erkek adamlar görünmeýär.