Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II aradan çykdy


Şa zenan Ýelizaweta II
Şa zenan Ýelizaweta II

Britaniýanyň täze monarhy şa Çarlz, mundan bir gün ozal ejesi şa zenan Ýelizaweta II aradan çykmagyndan soň, 9-njy sentýabrda halka ýüzlenip, çykyş eder.

96 ýaşynda aradan çykan şa zenan Ýelizaweta II 1952-nji ýylda tagta çykdy, ol Beýik Britaniýanyň taryhynda ýurdy iň uzak wagtlap, ýagny 70 ýyllap dolandyran monarh boldy.

Ýelizaweta II Şotlandiýadaky tomusky rezidensiýasy bolan Balmoral köşgünde rahat ýagdaýda ýogaldy diýip, Bukingem köşgi 8-nji sentýabrda mälim etdi.

Köşk 73 ýaşly Çarlzyň tagty dessine miras alandygyny hem aýtdy. Karl III ady bilen tanaljak Çarlz we onuň aýaly Kamilla öten gijäni Balmoral köşgünde geçirdiler we 9-njy sentýabrda Londona dolandylar.

Bukingem köşgüniň öňüne ýygnanan adamlar. 8-nji sentýabr, 2022 ý.
Bukingem köşgüniň öňüne ýygnanan adamlar. 8-nji sentýabr, 2022 ý.

“Meniň mähirli ejem, Onuň Alyhezreti şa zenanyň ýogalmagy meniň we ähli maşgala agzalarym üçin çuňňur gynançly pursat boldy” diýip, Çarlz beýanat ýaýratdy.

“Biz arzyly Şahymyň we çuňňur söýülen ejäniň dünýäden ötmegine gynanýarys. Men onuň ölüminiň tutuş ýurt boýunça, Patyşalykda we Arkalaşykda, şeýle-de tutuş dünýä boýunça sansyz adamyň arasynda iňňän duýuljakdygyny bilýärin” diýip, Çarlz belledi.

BBC tele-radio kompaniýasy şa zenanyň ölümi yglan edilenden soň, onuň suraty bilen birlikde “Taňry Şa Zenanyny penaňda sakla” milli gimnini efire goýberdi. Londonyň merkezindäki Bukingem köşgüniň depesindäki baýdak aşak düşürilen pursaty, müňlerçe adam köşgüň daşyna toplanyp, ümsümlikde durdy.

Şa zenan Ýelizaweta II we onuň adamsy şazada Filipp. 2-nji iýun, 1953 ý.
Şa zenan Ýelizaweta II we onuň adamsy şazada Filipp. 2-nji iýun, 1953 ý.

Britan monarhiýasy konstitusion monarhiýa bolup, ýurtda monarhyň orny aglaba däp-dessur häsiýete eýedir. Şa zenanyň adamsy şazada Filipp geçen ýyl 99 ýaşynda aradan çykypdy. Ýelizaweta II geçen ýyldan bäri hereket kynçylyklaryny başdan geçirýärdi. Bu sebäpli, ol göz öňünde tutulan tas ähli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp bilmändi.

Ýelizaweta II lukmançylyk gözegçiligindedi. Ol birnäçe aýa çeken saglyk kynçylyklaryny başdan geçirdi: 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ol, sekiz ýyldan soň ilkinji gezek, London hassahanalaryň birine ýerleşdirilip, şol ýerde bir gününi geçirdi.

Lukmanlaryň talaby esasynda ol uzak aralyga syýahat etmekden wagtlaýyn saklandy we köpçülige eli hasaly çykyp başlady.

Şa zenan Ýelizaweta II. 16-njy oktýabr, 1951 ý.
Şa zenan Ýelizaweta II. 16-njy oktýabr, 1951 ý.

Britanlaryň köpüsi üçin şa zenan Ýelizaweta 20-nji asyryň dowamyndaky durnuklylygyň yşaraty bolupdy. Onuň jebislendiriji orny bilen birlikde, onlarça ýylyň dowamyndaky sosial özgerişlikleriň arasynda monarhiýany özgerdendigi we maşgalanyň içindäki dawalary başarjaňlyk bilen kadalaşdyrandygy bellenilýär.

Ýelizaweta kakasynyň tarpa-taýyn ýogalmagyndan soň, 25 ýaşynda tagta çykypdy. Ol Ikinji Jahan urşundan soň Britan imperiýasynyň aradan aýrylmagyndan soň, ýurdy täzeden gurmak döwründe-de tagtda bolupdy. Onuň döwründe Birleşen Patyşalyk Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girdi we soňy bilen ondan çykdy.

Şa aýalyň tagtdaky 70 ýyllyk döwründe Britaniýany 15 premýer-ministr dolandyrdy. Olaryň ilkinjisi Winston Çerçil, soňkusy hem Liz Truss boldy. Truss şa zenany bilen mundan bary-ýogy iki gün ozal duşuşypdy.

Şa zenan Ýelizaweta II we Liz Truss. 6-njy sentýabr, 2022 ý.
Şa zenan Ýelizaweta II we Liz Truss. 6-njy sentýabr, 2022 ý.

Ýelizaweta II ýylgyryp, Truss bilen elleşýän pursadynyň suraty, onuň şa zenany hökmünde borçlaryny amal edýän döwrüniň soňky şekili hökmünde taryha girer.

Şu ýyl Britaniýa şa zenany Ýelizawetanyň platinum ýyl dönümini uly dabara bilen belledi. Mundan biraz soň, ol 17-nji asyrda Fransiýada dört ýaşynda tagta çykan Lýudowik XIV soň, taryhdaky iň köp wagt tagtda oturan ikinji monarh boldy.

Şa zenanyň ölümine dünýäniň dürli künjeklerinden reaksiýa bildirildi.

Ak Tam çuňňur duýgudaşlygyny äşgär etdi we onuň Birleşen Ştatlaryň iň berk ýaranynyň lideri bolandygyny nygtady.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron şa zenan Ýelizaweta II 70 ýylyň dowamynda britan milletiniň üzňüksizliginiň we jebisliginiň beýany bolandygyny aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Winston Çerçil (ortada) şa maşgalasynyň agzalary bilen. London. 8-nji maý, 1945 ý.
Britaniýanyň premýer-ministri Winston Çerçil (ortada) şa maşgalasynyň agzalary bilen. London. 8-nji maý, 1945 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin merhum şa zenanyny öwüp: “Köp ýyllaryň dowamynda Ýelizaweta II öz garamagyndakylaryň söýgüsinden we sylagyndan dogry-dürs ýagdaýda hözir gördi” diýip, aýtdy. Kremliň maglumatyna görä, Putin bu barada Çarlza 8-nji sentýabrda hat ýollapdyr.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres şa zenan Ýelizaweta II “merhemeti, mertebesi we ygrarlygy üçin giňden sylanandygyny” aýtdy.

Makalanyň çap bolan pursaty, Türkmenistanyň ýurtbaştutanynyň şa zenan Ýelizaweta II ýogalmagyna reaksiýa bildirip-bildirmändigi mälim däl. Bu barada ýurduň döwlet habar serişdelerinde we Daşary işler ministrliginde hiç hili maglumat ýok.

Forum

XS
SM
MD
LG