Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa özüni ýadro döwleti diýip yglan etdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Demirgazyk Koreýa özüni ýadro döwleti diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Günorta Koreýanyň “Renhap” habar gullugynyň habar bermegine görä, KHDR-nyň Ýokary halk ýygnagy “Ýadro ýaraglary babatdaky syýasat” atly kanuny kabul etdi.

Täze resminama, KHDR-a hüjüm edilen ýagdaýynda, duşmana garşy ýadro zarbasyny awtomatiki usulda urmak mümkinçiligini berýär.

"Eger-de döwlet ýadro güýçleriniň serkerdeligi we dolandyryş ulgamy duşman hüjümi sebäpli howp astynda bolsa, prowokasiýa çeşmesini we serkerdelik postuny goşmak bilen, duşman güýçlerini ýok etmek üçin, ýadro zarbasy öňünden kesgitlenen meýilnama laýyklykda awtomatiki usulda we bada-bat urulýar” diýip, resminamada aýdylýar.

Kanuna laýyklykda, ýadro ýaragyny ulanmagy buýurmak hukugy diňe ýurduň lideri Kim Çen Ire degişli.

Ol mejlisde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň şeýle ýarag ulanmak syýasatynyň "hüjüm edijiliklidigini" we, ABŞ-nyň "duşmançylykly syýasaty" sebäpli, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan hiç wagt ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG