Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzindäki araçäk taslamasynyň maslahatyny etdi


Hazar deňziniň azeri kenary
Hazar deňziniň azeri kenary

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekilleri 12-13-nji sentýabryda Baku şäherinde duşuşyp, Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek meseleleri boýunça maslahat etdiler diýip, “Trend” neşiri Azerbaýjanyň DIM-ine salgylanyp habar berýär.

Bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda türkmen tarapyna Hazar institutynyň müdiri, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow, azeri wekiliýetine bolsa daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjanyň prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Halaf Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşyk wagtynda goňşy ýurtlaryň arasynda Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek barada Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda baglaşylmaly Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Hazar deňziniň düýbündäki araçägi kesgitlemek meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG