Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Eýranda metjitde bolan hüjümde sekiz adam pyçaklandy

Şirazda 16-njy sentýabrda bolan pyçakly hüjümiň pidasy hassahanada bejergi alýar.
Şirazda 16-njy sentýabrda bolan pyçakly hüjümiň pidasy hassahanada bejergi alýar.

Günorta Eýranyň Şiraz şäherinde sekiz adam näbelli hüjümçiler tarapyndan pyçaklanyldy. Bu hüjüm ýurtda din ruhanylaryna we dindar adamlara garşy edilýän hüjümleriň soňkusy boldy.

“Rokna” habar saýtynyň Sirazyň polisiýa bölüminiň başlygyna salgylanyp, habar bermegine görä, 32 ýaşly bir erkek adam tarapyndan amala aşyrylan hüjüm 16-njy sentýabrda Hajy Abbas metjidinde okalan juma namazynyň yz ýany bolup geçdi. Hüjüm barada başga jikme-jiklik ýok.

Soňky aýlarda Eýranda din ruhanylaryna we dindarlara edilýän hüjümler baradaky habarlaryň köpelmegi ýurtda durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy zerarly ilat arasynda dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Şolaryň hatarynda, 1-nji sentýabrda günorta Kazerun şäherinde bir ‘basij’ meýletinçisi 15 ýaşly ýetginjek tarapyndan pyçaklanandan soňra aradan çykdy.

Iýul aýynda Karaj şäherinde bir ýaş din ruhanysy wagyz berýän wagtynda arkasyndan birnäçe gezek pyçaklandy. Isfahanda bir ymam jana kast edişlikde ýaralandy.

Beýleki wakalar barada aýdylanda, Kom şäherinde näbelli hüjümçiler iki ymama hüjüm etdi.

Kom şäheriniň yslam mekdebinden Mohammad Tagi Fazel Meýbodi köp sanly din ruhanylarynyň we talyplaryň “näletlemeler we masgaralamalar” zerarly köpçülige çykmaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG