Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden iňlis patyşasyny soňky ýoluna ugratmak üçin Londona syýahat edýär


Jo Baýden iňlis patyşasy Ýelizaweta bilen. Arhiw suraty
Jo Baýden iňlis patyşasy Ýelizaweta bilen. Arhiw suraty

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we ýurduň birinji hanymy Jill 17-nji sentýabrda şa zenan Ýelizawetaň jaýlanyşyna gatnaşmak üçin Londona ugrady. Ak tam biraz öň 19-njy sentýabrda Westminster Abbide geçiriljek jaýlanyş çäresine patyşalygyň diňe Bidenleri çagyrandygyny, öňki prezidentleri çagyrmandygyny aýtdy.

Şa aýal 70 ýyllap patyşalyk edeninden soň, 8-nji sentýabrda aradan çykdy. Ol ABŞ-nyň birnäçe prezidenti, şol sanda Donald Tramp, Barak Obama we Jorj W. Buş bilen hem duşuşdy, Lindon Jonsondan başga, Amerikanyň soňky 14 prezidentiniň 13-si bilen görüşdi.

18-nji sentýabrda Angliýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bilen meýilleşdirilen duşuşyk goýbolsun edildi diýip, resmiler aýtdy.

Muňa derek olar indiki hepde BMG-niň Baş Assambleýasynda "doly ikitaraplaýyn duşuşyga" gatnaşar. Baýden bilen Trassyň Londondaky duşuşygynyň goýbolsun edilmeginiň sebäbi aýdylmady.

XS
SM
MD
LG