Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa, Baltika ýurtlary ÝB wizalary bolan ruslaryň köpüsine giriş gadaganlygyny girizýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Polşa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa 19-njy sentýabrda, golaýda ÝB-niň 27 agzasy bilen gelnen ylalaşyk esasynda, ÝB wizalary bolan ruslaryň köpüsiniň öz ýurtlaryna girmek gadagançylygyny berjaý etmäge başlamaly.

Syýahatçylyk, işewürlik, sport ýa-da medeni maksatlar üçin Şengen wizasy bolan rus raýatlary indi şol dört ýurduň çägine goýberilmeýär. Şweýsariýa şol günden başlap ruslar üçin ýönekeýleşdirilen wiza düzgünlerini togtatýandygyny aýtdy.

Estoniýa, Latwiýa, Litwa we Polşa şu aýyň başynda bilelikde beýanat çap edip, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagynyň arasynda öz ýurtlaryna gelýän ruslaryň sanynyň “düýpli we barha köpelmegi” bilen baglylykda dörän howpsuzlyk we beýleki aladalaryny bildirdi.

Polşa we Baltika ýurtlary bu gadagançylygyň dissidentlere, ynsanperwerlik işlerine degişli bolmajakdygyny, Russiýanyň diplomatik wekilhanalary we maşgala gatnaşyklary ýaly käbir beýleki ýagdaýlarda kadadan çykmalaryň bolýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG