Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşykda ölenleriň sany 100-e golaýlady

Batken sebiti
Batken sebiti

Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşykda ölenleriň sany 100-e golaýlady, baş-başdak atyşyklaryň arasynda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygyndan soň, wakanyň bolan ýerinde iki merkezi aziýa ýurdunyň goşunlarynyň bilelikdäki gözegçiligi ýola goýuldy.

Gyrgyz häkimiýetleri 18-nji sentýabrda Täjigistan bilen serhet ýakasynda bolan atyşyklardan soň 59 raýatyň öldürilendigini habar berdiler.

Täjigistan öz tarapynda azyndan 35 adamyň öldürilendigini aýtdy, emma ady aýdylmadyk resmileriň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmaklaryna görä, zorlukda Täjigistanyň azyndan 39 raýaty öldürildi.

Howpsuzlyk işgärleri bilen birlikde, ölenleriň we ýaralananlaryň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygy aýdylýar.

Bu maglumatlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

XS
SM
MD
LG