Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gazanylandygy aýdylýan 'ykdysady üstünlikleriň' sergisi açyldy


Sergide, öňki ýyllarda bolşy ýaly, iň köp göze ilýän zat ýene prezidentiň portreti boldy.
Sergide, öňki ýyllarda bolşy ýaly, iň köp göze ilýän zat ýene prezidentiň portreti boldy.

Aşgabatda şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan iki günlük sergi öz işine başlady.

Bu sergi Türkmenistanyň Türkiýede işläp, maşgalasyny eklemäge çalyşýan müňlerçe türkmenistanlyny köpçülikleýin yzyna getirmäge başlan we öz raýatlarynyň ýeke-täk wizasyz gidip bilýän ýurduna hem wizaly gitmegini ýola goýan wagtynda açyldy.

Adatça Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän sergi, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylmagyna görä, milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we ylmy-tehniki oýlap tapyşlary jemgyýetçilige görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, “Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär”.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, bu serginiň “esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri ...görkezmekden ybarat”.

Emma synçylar we hökümet tankytçylary Türkmenistanyň soňky ýyllarda öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigini, ýurtda dowamly azyk gytçylygynyň saklanyp galýandygyny we işsizleriň sanynyň köpelýändigini öňe sürýärler. Türkmen hökümetiniň mejlislerinde ýurduň oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaý bölekleýin boýun alynsa-da, işsizleriň umumy sanyny gizlin saklaýar.

Şeýle-de, her ýylda 10% ýokarlandyrylýan aýlyklara we kömek pullaryna garamazdan, durmuşyň gymmatlamagy, milli manadyň daşary ýurt walýutalarynyň garşysyndaky durnuksyz hümmeti, raýatlaryň ýurt içindäki we daşyndaky hereketleriniň ýyl-ýyldan çäklendirilmegi türkmenistanlylary barha kyn ýagdaýa salýar diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada iň az ilatly we uly tebigy baýlyklara eýe bolan ýurt bolsa-da, onuň ilatynyň ortaça aýlyk we pensiýa haklary, sebitiň Täjigistandan beýleki ýurtlaryndakydan az diýlip bilinýär.

XS
SM
MD
LG